Surat

Ynam meselesi

Ynanasym gelýär meniň adama,
adamlara, aýal, erkek, ýaş, garry,
o tireden, bu tireden, milletden,
dini näme bolsa bolsun, bolmasyn,
bolmaz ahyr adam satsa bar kişi,
iş gereg-ä maňa diýip, şumjaryp,
ýa keýpine, bahyllykdan, ýigrenip,
ýa-da ýurdun satsa Ahmet, Igora,
ýetimegi bolup sowet döwrüniň,
ýarag satsa ýykmak üçin bir ýurdy,
neşe satsa, satsa ýene, gör, näme,
ynanasym gelýär meniň adama,
iň bolmanda müýnsüz salam bermäge,
näme dilejekkä diýdirmän, walla,
ynamym galmansoň hiç haka, alla.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024