San Sanyçdan soňky reallyk
San Sanyç ölende, begendi millet,
ýüzügini ogurlanlar has beter,
ýogsa adat gidenlere gynanmak,
ýöne ýalan duýgy aldatdy ili,
pikir etdi indi ýaşamak hatar,
ýa gorkuly bolmaz öňküsi ýaly,
ýetim ösen gelmez döwlet başyna,
garny doýsa, gözi, göwni doýmajak,
gözün dikip ulus-iliň aşyna,
emma açgöz duran eken nobatda,
ikinji däl, belki, birinji bolup,
ýa nobatyn alyp öňde duranyň,
bu ozalam, siňe baksaň, aýandy,
indi nämä ynanmaly, ýaradan,
ýene-de milletiň atasy ýandy?