Surat

Yglan edilmedik uruş

Durmuş agyr bolmaly däl aslynda,
bolmaly däl ezýet, ejir,
agraltmasa adamlaryň özleri,
biri-birin basyp, gysyp dar ýere,
nämemişin, kanun goraýarmyşyn,
biri başlyk, orunbasar beýleki,
bir topar bidöwlet döwlet başynda,
ogurlanyn alyp çykyp daşynda,
kanunly ýurtlaryň bankynda saklap,
aýdany, diýeni eder bet matlap...

Durmuş agyr bolmaly däl aslynda,
bolmaly däl alan-aldy, ogurlyk,
okuw okan ogurlygy öwrenip,
ähli döwlet edarasy eziji,
entediji bolmaly däl, dogrusy,
köp bolmasa iliň-günüň ogrusy,
ýalançysy eli işli, emelli,
goýmaz olar oturmaga ýurduňda,
işe gidip telli-pelli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020