Adam we dereje
Sen adamyň sözüne däl,
düşünjek bol niýetine,
näme diýýär saňa adam,
dili süýji ýa-da ajy,
aýlawly ýa göni, açyk,
belki-de bu esasy däl,
näme üçin diýýär adam,
diýýän zadyn bilip, bilmän,
näme üçin iýýär adam,
seni diri aglap, gülmän,
gahar bilen, gazap bilen,
ýa näme üçin gyzýar beýle,
ýa-da girýär goltugyňa,
çykýan wagtyň depä, beýge,
sen adamyň sözüne däl,
gözüne bak, görüp bilseň,
ýüzüne bak sözlän wagty,
niýetine düşün onuň,
düşün nirden nirä barýar,
hemem neden ejiz düşüp,
bilmän özi özün açyp bagyrýar.