Musurman adam

Ahmetmi ýa Muhammet,
çolukmy ýa çopanmy,
talasalar ýurduňy,
ýalmap tapan-tupanny,
tomaşaçy bolsaň diňe,
eliň çarpyp tahýaly,
ýa telpekli ak, gara,
içiň arman, bitmez ýara,
sähel beýge berip para,
aljak bolup ejizlerden,
hudaý bardyr diýen bolsaň ynanman,
bendesinden gorkup ýaşasaň uzak,
ýaşan ýaşyň utanç, arman,
bolan bolup musurman...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020