Surat

Biler diý

Bolmaz diýme, bolmaz diýme hiç haçan,
bolar, bolar, bolar, bolar, bolar diý!
Näsaglana öler diýme hiç haçan,
galar, galar, galar, galar, galar diý!

Bir basgançak, ýa-da ýarty her günde,
ertir iki, üçe ýeter, dört bolar,
birigün bäş, on basgançak galarsyň,
bolmaz diýme, bolmaz diýme hiç haçan,
ýuwaş-ýuwaş ýüz basgançak alarsyň.

Biri ýolda, biri ýoluň başynda,
gidenlere gelmez diýme hiç haçan,
geler, geler, geler, geler, geler diý,
millet bilmez aldanyn, talaňyn,
bilmez diýme, gülmez diýme hiç haçan,
biler, güler, biler, güler, biler diý!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020