Gözi açylanyň körlügi
Nämeler bar ol adamyň başynda,
näme gopýar bu adamyň başynda,
nämeler bar ýüreginde özgäniň,
daşyndan seretseň sypaýy, gowy,
az-da bolsa galan murtunyň towy,
oýlamarsyň, eger-eger bilmersiň,
ýa çak etseň, golaýyna gelmersiň.
Tanyş ýa nätanyş, tanamak müşgül,
kim-kimden kineli, kim-kimden öçli,
nirelerde hakyn iýdiren adam,
ýa-da gorkup ýaşan ýarpy ýaşyny,
diýjegini diýmän, dişini gysyp,
hyýalda başlygyn öldürip, asyp,
gahara, gazaba aldyryp erkin,
öz ýanyndan berip kim-kimiň merkin,
bilseň halyn gynanarsyň, gülmersiň,
ýöne muny pikir edip bilmersiň,
a birden gürlese, batyrlyk tapyp,
gaflat ukusyndan açyldym diýip,
ýa pylany açdy diýip gözümi,
tutarsyň başyňy diýýän zadyna,
sebäbi aç, çüňke gabalan möjek,
ýarar, dalar ýar diýilen kim bolsa.
hiç bir delil ýetmez seniň dadyňa.