Ýurduny ogurladanyň çykalgasy
Lenin öldi diýip aglap pukara,
ezilen il köpük ýygnap heýkelin
dikmese-de boljak eken kösenip,
tüweleme, Lenin bary döräp dur,
aam millet aňalyp diňleýär, çünki
umyt gerek talanana ýüz ýyllap,
hem görmeýän çyra ýa yş aňyrda,
o başynda gara, soňsuz ötügiň,
şeýle bolmalydy, şeýle-de boldy,
ýurduny ýitiren ýeňleýär sögüp.