Iliň derdi
O bir adam, bu bir adam köp ýyllap,
gürrüňiň, gybatyň göbegi bolýar,
göreniň zeýrenýär ol eýle, beýle,
hä berýärsiň, alajyň ýok, ýok diýseň,
şere şärik, nep araýan bolýarsyň,
emma bir gün o biriniň, beýlekiň
sanalgysy dolýar irden ýa öýlän,
ýöne ýurduň buldy gitmeýär sowlup,
ýa garalýar öňküsinden has beter,
sebäbi derdi däl o biri iliň,
ýa bu biri, olar
simptomlar, belki,
o birinden, bu birinden zeýrenmän,
meger, adam özün düzmeli ilki.