Surat

Ýat ilde çöregini goýanyň soragy

Konýagy goýmagy başarar adam,
başarar ol ýagly kakmaç goýmagy,
iýmegini bagyr-öýken kämahal,
buglamagy böwrek, söwrek;
aragy goýmagy başarar adam,
böregi goýmagy başarar adam,
çöregi goýmagy başarar adam
ýöne garyp ösen, çül-çaga bilen,
tamdyr çörek iýip on ýedi ýyllap,
hatda palaw iýeninde soňundan,
iki dişlem çörek iýmän oňmadyk,
iküç ýyllap iýmese-de hiç çörek,
çörek ysyn alsa, garanar daşyn,
ýurt ysyny alan ýaly uzakdan,
bagyrasy geler dökmän gözýaşyn,
onuň nirden, nädip gelenin bilmän,
aragyn, böregin goýsa-da adam,
çörek goýup, näçe ýaşarka ölmän?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024