Pressekretar problemasy
Geçä jan gaýgy, gassaba – ýag. Nakyl
Sen döwlet pikirin edersiň, emma,
ozal şol ýerlerde işledi diýip,
nobatdaky ogry başga pikirde,
edinesi geler ogurlyk ýapýan,
ýalançylar toparynyň başlygy,
hemem aýdyp bilmez niýetin açyk,
aldan bolan görnüp durka aňyrsy,
eden bolar hajyk-hujuk ýalandan,
o bolmasa haýbat atar, gorkuzar,
bilýän däldir öňki ogra baş bermän,
ýüzükessir şarpyk çalyp gaýdanyň,
adamyň niýeti ýaman bolanda,
täsir etmez göni, gyşyk aýdanyň.