Surat

Hökümet problemasy

Hökümet çözgüt däl ogurlyk bolsa
niýeti, maksady, gündelik işi,
gündelik ýalana bukulýan açyk,
problema bolar gündelik mydam
çözülmeli hökman bu gün ýa ertir,
sebäbi ýokardan gaýdanda talaň,
aşakdaky ýaly bolmaz az-owlak,
bogazy bogmasaň bogaz düýäni
ýuwdar, munuň şübhesi ýok, bolmady,
ýa çykaryp bermez gülüp meýletin
milleti ogurlap, bir ýere salan,
hem ýykylýan ýurdy jaýryk ulalyp,
saklap bilmez hiç bir TW, hiç ýalan,
hökümet çözgüt däl baýasa ogry,
problema bolmaz diňe talanan,
problema bolar ýurduny talan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024