Surat

Namys meselesi

Ak sakgally gojalar bar, bimessep,
ak gyňaçly ejeler bar, ugursyz,
ýigitler bar ýüňi ýeten ýüz müňläp,
gyz-gelin bar ýene şonça, okuwly,
emma ýurda näme bolýar, seretmez,
ýa görenin görmän ýaşar ölýänçä,
bilenini bilmedik bor, sebäbi
ýörelgesi namart olam, sag olam,
ikiýüzli, iki sözli, ogruja,
ýa syýasy söz-sözlemi dogruja,
walla, ertir näme boljak millete,
milýon adam, iki milýon, üç milýon,
baş galdyrmaz näme diýseň, sözleseň,
ýa-da garaş gözüň dikip türmede,
delalat däl, bir söz gelmez gözleseň,
çagalaryň alyp, gaçarsyň ýeke,
ýok etmänkä gözi gyzaran teke,
ýeke özüň otdan, suwdan geçersiň,
bir bihaýa arlar bir gün yzyňdan,
öňküleri az gören dek hamala,
şyltak atar, haýbat atar, at dakar,
emma hapa daş atanňa degermi,
öňde bolsaň, öňe seret, yza däl,
aýa mydam ýüzüň, sözüň degerni?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024