Surat

Seniň aýratynlygyň

Seniň näme tapawudyň azandan,
kürsä çykyp, keýpine däl, ogurlap,
talap il-gününi, göternip bilmän,
ýazyjy bolandan ýa-da sazanda,
ýa aýdymçy, şyltak atsaň deň bolup,
özüňe çen aşak düşmejek birne,
deňini hem derejesin bilýäne,
uýalýana diýer diýip il näme?

Nedir seniň tapawudyň ogrudan,
ogra çenli aşak düşürlen ile
egrä çenli aşak düşürlen ile,
aga bolan kim-kimlere daýanyp,
ogurlajak bolsaň başgaň adyny,
bagty ýatan iliň batanda daňy?

Saly gowşak diýer gorkamok mydam,
mamlalar däl, bimamlalar gygyrar,
ýa başyny goýjak baş goýjak diýmez,
diline çolamaz etmejek işin,
eden işin uly, kiçi, hiç haçan,
nedir seniň tapawudyň, galmagal,
gykylyk çukurna gaçan?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024