Gul guly
Kümsük saňa kümsükleri küşgürer,
agzyna aňkarýan ýüzsüz, ýeňsesiz,
aňşyrmajak ak-garany kyrk ýylda,
içerde däl, daşarda-da pes sesi,
näletlärler olar bilmeýän birin,
tanamaýan bendesini myňňyldap,
kanunsyz, kadasyz ýurtdaky ýaly,
kädä gabap biri-biriniň pirin,
ýetip enesine, ýurdun başgalan,
atasyna ýetip, öten ýa diri,
kümsük nätdim diýip gomalar soňra,
köşkde ýa-da başga ýerde, parhy ne,
iş bitiren ýaly özüçe uly,
nadan saňa nadanlary küşgürer,
şeýle bolar iliň bolsa gul guly.