Surat

Minnet eken millet

Beýik biribardan diledi olar,
gökdäkiden bolýan ýeri näbelli,
her dänäniň müňlemegin,
bir dänäniň deregine,
islediler halta doly bereket,
ogry durka sakasynda döwletiň,
ýurt talaňa salynýarka adam däl,
allaň özi etmelimiş hereket...

Beýik biribardan diledi olar,
a biribar bermelini beripdi,
ýurdy bardy adamlaryň owadan,
ýer-ýesir däl, ýerli bolmagy üçin,
akly bolsa, zerli bolmagy üçin,
hem beripdi nakyl her kim
ekenini orar diýip,
ýaşaýar il minnet iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024