Surat

Düýp mesele

Yrakda gije kitap bazaryny ýapman goýýarlar. Yraklylar 'okyjy ogurlamaýar, ogry okamaýar' diýýärler. Habarlardan

Diňe ogry-jümrüler däl,
wagty bolup, okamaýar köp adam,
sebäp olar bilmeýänin bilmeýär,
ýa biljek bolmaýar bilmeýänini,
ýa zerur däl bilmek olara asla,
ýa-da olar köp bilýärler okandan,
hem ömrüni ogurlaýar okanlaň,
okanyň biderek, demigip ölýäň,
okamadyk aşa köplük bolanda,
ogry bolup öz ömrüňe, wagtyňa,
ýalan ýaşamaly özüňe gelmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024