Bidöwlet döwlet
Meniň ol döwlete aýagym çekmez,
dönük diýdi çünki dönük,
haýyn diýdi çünki haýyn,
dönügi, haýyny ýygnap daşyna,
meniň ol döwlete aýagym çekmez,
awy gatan ulus-iliň aşyna.
Meniň ol döwletde galdy milletim,
aýagasty bolup kim-kime, alla,
depelendi şäher öz ogly bilen,
depelendi oba öz gyzy bilen,
gojalary bilen ak sepen başa,
ejeleri bilen, çäresiz, naçar,
ýaşajak ýaşyny ýaşaman ýaşap.
Meniň ol döwlete aýagym çekmez,
çünki ýurdun söýen söýülmez onda,
ogryny söýerler dogryň ýerine,
ýalançyny, iki ýüzli kommunist,
ateist hem dindar şol bir adamda,
näçe duzsuz bolsaň, şonça kän toýda
ornuň bardyr törde, sylagly ýerde,
meniň ol döwlete aýagym çekmez,
bu bidöwlet dowam etse eger-de.