Seniň kimligiň
Saňa seniň kimdigiňi,
nämedigiň aýtsa biri gygyryp,
beýgeltmek üçin däl, peseltmek üçin,
badyň almak üçin başarsa, bolsa,
gulak assaň, az-da bolsa uýalsaň,
ýa yza çekilseň barýan ýoluňdan,
ýa eliň sowatsaň işden azajyk,
sen beýik däl, belki, gulak-guýrugy
kesilen hem çirkin çyňsaýan güjük.