Adam we agaç
Sen adama yhlas etseň tanaman,
ýagyşdan, ýagmyrdan, ýelden gorasaň,
hakykaty aýdan dilden gorasaň,
bagyşlasaň ikiýüzli gülküsin,
aýasaň düşüner, düzeler diýip,
ol ertesi, on ýyl duzuňy iýip,
wagty geldi diýip, urar arkaňdan,
emma agaç, ekip taşlasaň diňe,
ýylda bir hek çalsaň ýa-da çalmasaň,
ýylaşa miwesin döker öňüňe.