Surat

Oba problemasy

You can take the boy from the village but you can not take the village out of the boy. Polýak nakyly

Diktatorlar bir-birine çalymdaş,
baky galjagyna ynanýar bary,
ynanyp bilmeýär ýykyljagyna,
emma demokrat her hili bolýar,
demokrat bolan bolýar, dogrusy,
käsi heniz ele almanka kürsi,
adamlary goly, dilleri bagly,
gul edinip, goýmak üçin gullukda,
öz ýurduny oňaran dek hamala,
başga ýurduň mediasyn ýazgarýar,
ýa gorkuzan bolýar žurnalistlerin,
utandyrýar öz ýanyndan, haýbatly,
o birleri ýaramaýar gözüne,
ýa işini başarsa-da, etmeýär,
gidýär ýa-da bir ýerlere gitmeýär,
ýa-da birin sorag edýär, etmeýär,
ýaşamaýar dünýä kadasy bilen,
gaharlanýar häkim bolan hyýalda,
ölçeýär dünýäniň howply ýollaryn,
çykan obasynyň ýodasy bilen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024