Surat

Orta gatlak göreşi

"...спецшкола №64 – это бывшая школа №4, куда невозможно попасть без взятки, размер которой колеблется от $1000 до $2000." Habarlardan

Birleri göreşýär zoňtar, edepsiz,
garşysyna zora gurlan döwletiň,
garşysyna zere gurlan döwletiň,
KGB-niň gaharyny getirip,
gazýaň diýip ile gabyr gazýana,
beýlekiler göreşýärler edepli,
zor bilen däl, zeri bilen, başarsa,
sebäbi bilýärler döwlet, parahor,
para berseň garşy bolmaýar beýle,
garşy bolşy ýaly çynyn ýazýana,
hem bilýärler, düşünýärler bilimsiz,
ýa rusça bilmän galsa çagalar,
ýa iňlisçe bilmän galsa çagalar,
galsa dili bilen ezilýän iliň,
özleri dek ejiz bolar birigün,
başyn eger, para alar başarsa,
para berer öňýetene ýalbaryp,
diri galmak üçin azajyk ýene,
adam ýaly almak üçin demini,
birleri göreşýär zoňtar, edepsiz,
aýdyp, diýip, ýazyp ýurduň kemini,
beýlekiler göreşýärler pul berip,
aman galjak bolup, tapyp çemini.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024