Düşünmeseň
Düşünmeseň, düşünmeýär bu dünýä,
bilmeseň, bilmeýär seniň halyňy,
ýa görmeseň, görmeýär ol çukuryň,
bilip-bilmän girip giden içine,
iliň bilen, özüň ýaly bilmeýän,
sen allany çagyr ýa-da hudaýy,
ýa Mekgä git, şeýtanlary kesekle,
hyýaly şeýtany, hakykatda däl,
ýa-da ata-babaň dinine dolan,
gök taňryny çagyr, delalat isle,
gelen bolmaz, düşünmeseň, bilmeseň,
özüň üçin özüň çykyp çykmala,
özüň ilki öz kemiňe gülmeseň,
tersine sen pagta, şugundyr ýygyp,
ýa bag ekip, ýaranarsyň ýüzüklä,
serdar diýip bagyrarsyň gorkyňdan,
sebäbi ýesirsiň gollary bagly,
dili bagly, iň esasy gepleme,
tanky bardyr, türmesi bar ýitirjek,
hemem azdyr yzdan çörek getirjek...
Düşünmeseň, düşünmeýär bu dünýä,
bilmeseň, bilmeýär seniň ykbalyň,
diňe döwlet, hökümet däl türmeli,
ozalky kommunist, ýitiren ýolun,
öz öýüni bozukhana öwüren,
il ýüzüne hakykatçy, kanunçy,
dilinde bir, ýüreginde başga zat,
aljyrany aw ediner her gije,
tanky-da ýok, türmesi-de, görmeseň,
aç şagaldyr, a sen bolarsyň jüýje.