Surat

Lenin problemasy

Lenin arzanlapdyr antik dükanda,
hyrydar tapylman dursa-da ýyllap,
emma ýene soraýan ýok, gelýän ýok,
sebäbi kim, näme etdi bilýän ýok,
ýa bilýänler oňlamaýar o diýen
adamlary serçe ýaly gyrmagy,
a galanyň depesinden urmagy,
sallançakdan tabyda çen gorkuzyp,
beýnisini açmaz ýaly gurmagy,
meger, şonuň üçin satjak satyjy
ýüzün köçä öwrüp goýupdyr ony,
görsünler, alsynlar geçýänler diýip,
emma iliň oňa eli degmeýär,
sebäbi wirusdan aljyran millet,
ozal halys boldy kiçijik Lenin
ýa Stalin sürüsinden köpelen,
olar galsa hem saklasa kürsüsin,
ýaşan däl-de, boljak ýaly köp ölen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024