Surat

Ajy hakykat

O döwlet seň ejeň üçin
ýürek agyrysy bolsa,
o döwlet seň kakaň üçin
bagyr agyrysy bolsa,
KGB-si terrorbaşy,
DIM-i bolsa garalawçy,
IIM-i bolsa doganlaryň,
dolananyň tutýan, basýan,
ýa-da ýolda ýolukdyrýan
ajalyna hudaýdan däl,
adamlardan gelen nähak,
o döwlet seň döwletiň däl,
döwleti däl çagalaryň,
goý köplüge söýse ony,
telpek edip geýse ony,
ýa-da iýse mugt duzuny,
mugt gazyny ýakyp, derläp,
mugt suwunda suwa düşsün,
mugt çyrasyn öçürmän hiç,
o döwlet seň döwletiň däl,
düşünersiň ir ýa-da giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024