Akylly adamlar

Adamlar akylly kileň,
köp okaýar, köp diňleýär,
oýnan bolup biri-birin,
ýa oýnalan bolup ýeser,
soňra güler ýaly gaty,
başga münse gahar atyn,
gara işi etmek üçin,
howp-hatara gitmek üçin,
soňun saýman ýa-da saýyp,
adamlar akylly kileň,
hiç göreşmän bolýar gaýyp.

Çünki oýun karam örän,
hem ýöränok indi artyk,
öýlenjege gerek Aýna,
Aýna gerek atly Artyk,
harmany däl onuň dargan,
oýnan bolýar ili tentek,
dagy nätsin hudaý gargan?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024