Dünýä we adam
"The world is slowly going mad, and we can only watch from the sidelines.” Andreas Rosenfelder
Däli derýa joşar kä ýyl kenardan,
käte ýyllap guş suwy deý peselip,
adam ondan ätläp öter pyýada,
ýa atly, eşekli hem itli geçer,
goýun-geçisini salyp öňüne,
pikir etmän ertir nämeler bolar,
nirden nirä geler dereje suwda,
haýsy köpri, haýsy güzer bozular,
haýsy oba, şäher ýykylar ýolda,
ýel, harast gopsa sag bilen solda?
Däli derýa joşar käte kenardan,
opurar ol dagy-daşy ugrunda,
alyp gider oýunjak dek galgadyp,
agaçlary altmyş ýyllap oturan,
saýa salan akar suwa, balyga
ýüzüp gelen, gör, nireden niräge,
nirä gitjek ertir, nireden çykjak,
ne suw biler, ne-de balyk, eý, alla,
adam diňe ýer gözlener ýokarrak,
oturmaga synlap, aýagyn sallap.