Surat

Gitmek kynçylygy

Gelmegi başarmaz kimse,
getirseler, elbetde,
gerek bolsa birlerine,
ýa-da keýpiň arasynda,
el-aýakdan çekip, süýräp,
ýöne gitmek kyn mesele,
öz wagtynda, bilip hetdiň,
soň agralýar ýüküň örän,
ýere-göge sygman malyň,
duşman bolýar ýerden ýörän,
içiň, daşyň, hiç parhy ýok,
gelmek gowy, bolsa, walla,
arman gitmek başardanok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024