Surat

Çehowdan alnan goşgy

“Я поглядел ей вслед и подумал: легко на этом свете быть сильным!” Антон Чехов (1860 - 1904)

Güýçli bolsaň, gör, nähili owadan,
gör, nähili aýdan sözüň geçip dur,
dogrymy ýa ýalan sözleýäň, ýüzüň
düýäň dabanyndan galyň, bihaýa
gözleriňi dikip ejiz, naçara,
depeläp iliňi, edeniň öňden
ahal-teke atyn atlanyp gidýär,
hem bilýärsiň ne hudaý bar, ne-de din,
ne kanun bar güýçli bolanlar üçin,
sebäbi jellatlar, akja köýnekli,
mydam taýýar isläniňi garalap,
ýa ýaralap entetmäge, itmäge
çykylmajak çukurlara günortan,
a millet, il näme, el çarpar diňe,
hem guwanan bolar iň ýuwan şorta.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024