Iliň portreti
Ulus-iliň portretin bir adam,
ýa-da iki adam çekip bilmeýär,
hökümetde azan ýa-da garşysy,
indi azjak kandidatlar, internet
ýaşmagyň açmaga berse-de pursat,
ýa-da çynçy bäşlek-üçlek ýazyjy,
başyny, kellesin etege salyp,
ýazýan lakam bilen ýa-da gizlenmän,
Ezop dilin taşlap ýoluň başynda,
žurnalistler bokurdakdan bogulýan,
ulus-iliň portretin çekmeýär,
has dogrusy çekýär kiçi bölegin,
bir çüňküni, gyrajygyn, belki-de,
galanyny iliň özi işleýär,
üstüni ýetirýär uly ýa kiçi,
sowatly, sowatsyz, baýy, garyby,
wezipede, para alyp ýa alman,
ýa-da para berip çagasy üçin,
dymyp dymmasyza, pyşyrdap gybat,
gyşyk gürrüň tapsa, huruşly bolup,
kinolary mydam baýly-garyply,
üstesine gazap, uruşly bolup,
ortalygy, sergezdanlar ýat ilde,
iliň portretin çekýärler üýşüp,
biri iki şaýy puluna çişip,
der bilen däl, emel bilen gazanan,
biri paltalaýar naçar ildeşin,
beýlekisi öz çagasyn öldürýär,
atdanlykda, çykalgasyz, aljyran,
biri içki müňkürligini, hapasyn
çem gelene zyňýar, edenli, batyr,
utandyrýar ildeşlerin yzynda,
heleými siz ýa-da pylan-pismidan,
beýlekisi edep saklap azajyk,
meger, çyny bilen, ýalka, Ýaradan,
töwellaçy, agzybiri oýnaýar,
ulus-iliň portretin bir adam,
islese-de, çüýden asyp goýmaýar.