Surat

Iki dürli ýaşaýyş

4-nji sentýabrda ejemiň ýogalanyna 14 ýyl bolýar.

Ejeň ölse yzda ýüregin tutup,
ýat illerde arman bilen bükülseň,
gülüp gelse meslekdeşiň, ildeşiň,
näme beýle diýip gynandyň gaty,
walla, diýse biz-ä ejemiz gitse,
boýnumyza alyk geljek apaty,
edil beýle agyr görüp, çökmezdik,
a soň gülse toýa gelen mysaly,
näme bolýar, bilmän dymarsyň agyr,
biri ýürek bolup ýaşaýar, meger,
a beýleki bolýar öýken ýa bagyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024