Hökümet we il
Every nation gets the government it deserves. Joseph de Maistre
Türmä düşseň hak söz üçin, aç-suwsuz,
gije-gündiz gapa dikseň gözüňi,
aýalyňdan başga adam gelmese,
çörek alyp gapysyna zyndanyň,
gutabyňy ogurlasa aç sakçy,
ogurlasa sabynyňy ýuwunjak,
ýa general, polkownigi owunjak,
haýbat atýan goçusyrap, öwünjek,
iň züwwetdin adam bolsa dünýede,
sen iliňe, hökümete ynanma,
eger birden aman galsaň, gutulsaň,
hala iliň, hala döwlet adamy,
herne diýse, ýylgyr ajy içiňden,
öwse öwsün, sögse sögsün, gynanma.