Bahyl
Dünýäde bahylyň ýüzüni görme. Magtymguly
Onuň derdi watany däl, ili däl,
ýer sermeýän otuz ýyllap, ýüz ýyllap,
atly çörek üçin pyýada ylgap,
onuň derdi uly bolup görünmek,
möhüm bolmak, bolan bolmak edenli,
bilýän bolup, oňa-muňa sürünmek.
Onuň derdi adalat däl hiç haçan,
ýa açmak däl ýagşy-ýamanyň parhyn,
kanun däl oň gol bereni, goldany,
deň bolmaly hemme üçin deň-derman,
ýykýar ony, heläk edýär kimligi,
has dogrusy, hiç kimdigi, dagarman!
Meger, şonuň üçin girrik elmydam,
içi ardan, gözi gahardan doly,
alada edýärmiş iliň ykbalyn,
hem agyrtjak il diýeni başarsa,
saklap bilmän içden möwjeýän öjün,
görkezesi gelip bolmadyk güýjün.
Dogry, halymsyrar gerek mahaly,
biljek bolar iň agyrýan ýerleriň,
urmak üçin ertir çemi gelende,
siňe seret, mamladyr ol her haçan,
batyrdyr, bilýändir ýer-gögüň syryn,
başgalaryň bary gorkak ýa gaçan.
Iň esasy, alyp bolýan zat bolsa,
aljak bolar pahyr gygyryp haýýar,
hemem, meger, iýip-içip däl diňe,
başga birniň howun basanda doýýar,
bahyl diňe başgaň ömrün iýmeýär,
öz başyn gemirýär, seretseň siňe.