Özüň üçin

Özüň üçin dur ýeriňde, ýykylma,
ýa ýykylsaň, tur ýeriňden ýapyşyp,
çöp-çalama, tapan syrkyn, selmäňe,
ýa-da süýren, ite-guşa şam bolma,
ýaralaryň ýala, duruz ganyňy,
az-da bolsa günde süýşjek bol ýola,
ýoda golaý, gelen, geçen ýygnasyn,
umyt et ezilen, bozulan ilden,
tapylsyn içinde suw beren biri,
ýa-da döwüm çöregini paýlaşan,
iň esasy, umydyňy ýitirme,
gahar edip yzdan kesek zyňana,
daş gözleme zyňmak üçin çaýlaşan,
duz iýen dostlaryň duşman bolanda,
sebäbi ýykylan, urlan galmasa,
ýa gargalan gaýdyp galam almasa,
goşgyny kim ýazsyn, oglan, milletde,
millet bormy goşgy ýazýan bolmasa?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024