Surat

Köne ýörelge

Sen adamy diňle gepleýän wagty,
dymýan wagty diňle ony seresap,
düşünesiň gelse iliňe çyndan,
hem ony däl, ilki özüňi derňe,
ýylan bolup çykman gülli horjundan.

Düşün iliň betbatglygy nämede,
düşün neden özi özüne duzak?
Ol haçan aýňalar, geler özüne,
ýa-da ýalňyşlaryn uzaldar uzak?

Sen iliňi diňle gepleýän wagty,
gytaklaýyn, açyk, bukulyp ýa-da,
adam özün açar ýatanda bagty,
iň esasy düşme deňine ýadap.

Herne bolsun, gowulygy özüňde,
ýa-da ýagşy niýetiňi öldürme.
Haçan gelse, ber eliňi entäne,
gahar edip, betniýeti güldürme.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024