Trolystan
Indi GULAG ýa Stalin gerek däl,
adamlar şeýle-de tussag ýa ýesir,
öz-özlerin bendi edýär meýletin,
biri oýnan bolýar syýasat bilen,
beýlekisi sözi, ykbaly bilen,
ynanmaýan adamyny goldaýar,
elbetde, ýalandan, ýüreginden däl,
trolystan bolýar dünýä kem-kemden,
o birleri zawod gursun, gurmasyn,
ýa ýeterlik aýlyk bersin, bermesin,
bu armany ilim diýip aglanyň:
oýnar oýnun garyp hemem pulmesi.