Surat

Özüňden kowulmak 'bagty'

Birden köne karta öňüňden çykýar,
köne tanşyň ýaly, ýöne görmedik,
adyny eşiden, gaty däl, çala,
ýa saňa taryhyň çetini açyp,
görkezýärler bir kerpiji galmadyk,
yzlaryny birçak ýykylan galaň,
kitap ýa-da dokumentler ýakylan,
okamajak ýazgylaryň hiç haçan,
okamak däl, bir harpyny bilmejek,
kül içinden çykan ýaly ýarysy,
ýa-da ýüzden biri ýanman, gutulyp,
säginýärsiň, seredýärsiň, bilýärsiň,
duran bolsa kommunistler ornunda,
ýa olaryň şahyrlary, az-küş däl,
goşgulary bilen beýniňi ýuwup,
göwnüňi geçirip özüňden baky,
gul etjegin özüň özüňden kowup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024