Özüni atýan köplük
Žurnalist ýa şahyr satylýan bolsa,
zyndanyň düýbüne atylýan bolsa,
entedilýän bolsa ýazany üçin,
azanyň köküni gazany üçin,
başyny gutarsa ýurdundan göçüp,
žurnalist däl, ýazyjy däl satylýan,
ýa onuň ejesi däldir aglajak,
ýüregini tutup, gitjek yzynda,
sen aglarsyň, tomaşaçy mähelle,
mugt gaz ýakyp Daşoguzda, Ahalda,
oturmarsyň uzak, görmedik bolup,
kim sözlese çynyn, ýürek sözüni,
döwlet ýa KGB çekip gözüni,
süýrese, sen dymsaň, bagtyň ýatdygy,
bu seň özüň ýarag alyp atdygyň.