Diýen gara
Garagöz milletiň, başga biri däl,
gara gözi para soraýar durman,
dünýä injek bolsaň, para bermeli,
ejeň gysymynda bolmaly manat,
kakaň gysymynda bolmaly dollar,
dogjak bolsaň agyrysyz, sag-aman,
açyk bolsun diýseň gapylar, ýollar,
soň çagalar bagy, soňundan mekdep,
a soňundan okuw ýa iş, bolşundan,
harby gulluk arasynda ölmeseň,
gelseň gaýdyp, para berip wagtynda,
a gelmeseň, görmeli öz bagtyňdan.
Gara göz milletiň gözi, eý, hudaý,
nämüçin aç, näme üçin doýmaýar,
bazarmyşyn, emel satylýar açyk,
satýan-da, alýan-da ruhy gedaý,
nirä gitseň, yzarlaýar, goýmaýar,
köçä çyksaň, ýa-da çyksaň ýat ile,
öňüňde taýakly durandyr hile,
bu bolanok, o bolanok, gadagan
emma bolýar para bile, pul bile.
Garagöz milletiň, başga biri däl,
saglygyň däl, para soraýar diňe,
sebäbi ýokarda gözi doýmaýan
biri otyr hemem çagyrýar öňe,
maksat näme, para almaly dynman,
soýmaly milleti, birek-biregi,
galmaz ýaly hiç daýanjy, diregi,
dilde hudaý, alla sözün ulanyp,
halal bolup, hajy bolup, hak bolup,
garagöz milletiň ýok edýär özün,
diýen gara, para beren ak bolup.