Körler meselesi
Eý, alla, şeýle bir gözli körler bar,
görmeýärler görmelini hiç haçan,
dürtülip dursa-da göze, garaga,
üstesine seredýärler guwanyp,
mejbury-meýletin harby paradda,
öz gözün köwleýän oka, ýaraga...
Nakyl kän owadan ýa-da manysy
düzüw ýaly beýle siňe bakmasaň,
akyl kän aňyrsy açylyp duran,
emma köpler saýgarmaýar, sebäbi
haýwanyň alasy daşyndamyşyn,
içindemiş adamlaryň alasy,
ýok, bu ýalan, görünip dur ol ala,
görünip dur adamlaryň boşlugy,
kaşlygy ýa hassalygy dermansyz,
gözünden, ýüzünden, sözünden käte,
ýöne nätjek, kör köpelýär dünýäde.