Gynanylýan adam

What Paul says about Peter tells us more about Paul than about Peter. Baruch Spinoza

Kemsidilen nesil, ýurdunda uzak
internetden galan, okuwdan galan,
belki, okan mekdebinde bäşlikçi,
ýöne okan gazet, žurnaly ýalan,
ýa-da ýuwan sözden ýüklenen ýaby,
üstesine bahyllykdan basylan,
göreşeni görüp bilmän hak üçin,
pursat bolsa, ýurtdan çykyp, ýetişip,
ýazylýan ýer bolsa çakjak bor ýeser,
çem geleni, kim ol, näme, nirede,
bilmez ýa-da bilmedik bor köp bilip,
adyn aýdyp bilmän bolar edermen,
ýa-da aýdyp, agyrdan bor, uran bor,
niýeti, başarsa, düşürmek aşak,
ýylgyrarsyň ajy ýeňsäňi gaşap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024