Ykbal meselesi
"Ogrulara, dönüklere we kezzaplara ses berýän adamlar olaryň pidalary däldir, şärikleridir..." Jorj Orwel
Ses bermek bar bilip, baryp,
ýa gyrada galyp sessiz,
görmeze, bilmeze salyp,
garyp-gatyp beýgi, pesti;
köplük özi öz gabryny
gazdy, gazar oýnan bolup,
beýnide ýa ýüreginde,
ýa pälinde bolsa kösti...