Surat

Şöhrat açlygy

Ýagşydan at galar, ýamandan set. Türkmen nakyly

Eger göwnüň baý bolmasa,
baý bolmasa ýüregiň ýa,
ogurlasaň ulus ili,
ýurdy bilen, ýeri bilen,
maňlaýynyň deri bilen,
ýa azajyk, biznes edip,
saga gidip, sola gidip,
bilmese-de millet häli,
baýamarsyň, baýnamarsyň,
eger göwnüň baý bolmasa,
eder dünýä gyzyl däli.

Bu bolandyr, bolar ýene,
eger göwnüň baý bolmasa,
baý bolmasa ýüregiň ýa,
ýa niýetiň ýaman bolsa,
ýa-da ejiz nebsiňe sen,
ejiz bolsaň şöhrat-şana,
ýaşamarsyň, ýaşan ýaly edersiň,
hemem bir gün yzda at däl,
diňe set däl, uýat goýup gidersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024