Surat

O syýasat, bu syýasat

Bilýän, saňa bu syýasat, beýleki
bolman biler gyzykly,
sebäbi sen, öz sözleriň:
gaýgysyn edýärsiň talanan halkyň
(ol meniňem ilim-günüm!),
çöregini tapman urunýan bu gün,
hem hyllalla geçen güni,
emma nädip beýle boldy,
nädip millet, gara gözüň,
ýagtyny däl, tümi aldy?

O syýasat, bu syýasat aslynda,
seniň üçin gyzykly däl, bilýärin,
gyzyklanar seniň bilen hemişe,
ataň bilen gyzyklnar ol seniň,
eneň bilen gyzyklanar ol seniň,
çagaň bilen gyzyklanar ol seniň,
hakyňy gorasaň, basmaçy diýip,
malyňy, mülküňi eliňden alyp,
kowalar hem tutar, atar, öldürer,
ýa çykarar sibirlerden, şahyrlar
goşgy ýazar syýasaty wasp edip,
garşysyna çyksaň, bolarsyň dönük,
o syýasat, bu syýasat, gadyrdan,
sylap goýmaz yzlamasaň, bilmeseň,
hem getirmez aňsat yzyňa dönüp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024