Surat

Ömrüň manysy

O taýda bir çäreçi,
bu taýda bir çäreçi,
başarsa, çykarsaň depäňe, başa,
ik egirder oturdyp,
ýa çapady bişirder,
hemle atyp ýokardan ýa aşakdan,
tans etdirer, baş egdirer öňünde,
37-iň GULAGYNy döredip,
mätäç edip nana, aşa,
adam bolsaň, aşyk bolma kim-kime,
ýülmeme ýüzüňi, ýeňsäňi ýerde,
gülki bolma, gülüp ýaşa,
sözüňi diý beglerine Pyragyň,
Pyragy deý ölüp ýaşa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020