Youtube gahrymançylygy

Youtube bir üýtgeşik gowy zat boldy:
düýnki adam satýan, duzuny iýip,
bu gün adam satýanlardan nägile,
käýinýär ýürekden, belet bolmasaň,
bilmersiň parhyny çyn bilen hiläň;
düýnki ogry halallykdan söz açýar,
derňeýärmiş nirde näme çilindi,
öz aýalyn, çagalaryn basgylan
halkyny azgyndan gutarjak indi,
ýene biri, garyp-gasar gižželäp,
uzakda, arkadan liderlik edýär,
youtube bir amatly zat boldy, walla,
utanmasaň, uýalmasaň, eý, alla,
edeniň öňüňden gidýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020