Adamyň sözi

Adamyň bir sözi bolar,
adamyň bir ýüzi bolar,
ýeke bolar ýeňsesi-de,
arkasyna dönse, baksa,
emma indi başga döwür,
düýn bir sözi diýen adam,
başga sözi diýýär bu gün,
başgasyny söýýär bu gün,
hemem diýýär ozal, öňki
daýanjyna çüýrük, pylan,
ägä boluň, duýdurýar ol,
zäherlidir, çakar ýylan!

Hemem öwýär özün ýene,
döşi ýara, gany durman,
akýar her gün uranynda,
adamyň bir sözi bolar,
adam bolar biraz, çala,
kä sözünde duranynda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020