12-nji iýulyň 25 ýyllygyndaky oýlanma

Türmede ölen 12-nji iýulçy Çarymyrat Gurowyň ruhuna bagyşlanýar.

Biziň yzymyzdan gelende alla,
hudaý bolup oýnan KGB, jellat,
gülenlerem boldy, dogry,
özi bolup egri, ogry,
ýa keýpine, böwrek böküp,
içe sygman bagtyň howry,
gynanan bolsa-da azlyk,
bilmedik, görmedik bolan köp boldy,
sebäbi bu işi däldi olaryň,
mugty halkyň togy, gazy,
indi, meger, oturan ýok arkaýyn,
ýa-da ýatýan öz öýünde ynanyp,
ertir çykmajagna gara zyndandan,
ýagşy bolsun ýa-da ýaman niýeti,
arman huşy kelte bolýar milletiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024