Geň adamlar
Adama geň ýa-da haýran galmaly,
sähel gyssag bolsa, açýan ýüzüni,
dogan-gardaş ýa-da dosty-ýar bolup,
ýykylaňda gülýän el bermä derek,
dikeleňde gelýän, çünki pul gerek,
goldaw gerek öňki ýaly mugtuna,
jaý salynsa, bolsaň boý alan derek,
adama geň ýa-da haýran galmaly,
nädip beýle bolup bolýar biderek?