Gulçulyk

"Хотят, чтобы я превратилась в отсидевшего жалкого обывателя". Светланa Прокопьевa

Oturan adama öwürmek ili,
kanagatly, näme etseň çydaýan,
bir adamdan, bir çagadan başlanýar,
üstüne gygyryp, hemlejik atyp,
kemsidip, gorkuzyp, urup bolmasa,
taýakdan öň sözüň ajysy bilen,
gatydan-gatysyn agtaryp, tapyp,
oturan adama öwürmek ili,
zynjyrlamak ulus-iliň aňyny,
kellesini etmek tahýa hekemi,
ýa telpek hekemi, gyňaç hekemi,
başga zada ulanmasy gadagan,
arasynda aşak egmekden başga,
gulçulyk başlanýar ýeke adamdan,
pikir etme gelmez seniň ýanyňa,
ýa-da uzak galar daşda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020